Halk Maslahatynyň Başlygy Mary welaýatyna iş sapary bilen bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Gahryman Arkadag welaýatyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Hormatly ýaşulular welaýatyň ilatynyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny aýtdylar hem-de munuň üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Il sylagly ýaşulular şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýändigini buýsanç bilen aýtdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.