Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji -,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy’’ ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda ,, Ýol hereketiniň
howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy’’ atly bir aýlygyň çäklerinde Türkmen döwlet
medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda kanun bozulmalaryň
öňüni almak,ýol hereketiniň kadalaryny,ýaramaz endikleriniň
täsirleri,hadysalaryň netijeleri,jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply
ýagdaýlaryň döremek howpuny,sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini
düşündirmek maksady bilen bilelikde geçirilenwagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga mekdebiň okuw işler boýunça orunbasary A.Aýnazarowa,mekdebiň mugallymy J.Artykow, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdürliginiň wekili J.Pygyýew ,Ýangyn howpsuzlyk müdürliginiň 6-njy bölüminiň uly gözegçisi G.Atageldiýewdagylar çykyş etdiler