Biz barada


Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden medeniýete, sungta höwesli, zehinli ýaşlaryň birnäçesini okuwa kabul edip, olara medeniýetiň we sungatyň inçe syrlaryny öwredip, medeniýet, sungat edaralary, döredijilik toparlary, aýdym-saz toparlary, kitaphanalar, muzeýler, mekdep kitaphanalary, medeniýet öýleri üçin gerekli ýörite orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. 
Mekdepde okadylýan hünärleriň okuw meýilnamalary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlary tarapyndan tassyklanylýar.
Mekdepde talyplara bilim berilýän hünärleriniň okuw möhleti üç ýyl bolup, talyplara döwlet tarapyndan talyp haklary berilýär.
Mekdepde “Şeýda-bilbil” aýdymçy gyzlar kwartet topary, “Bagtyýar nesil” aýdymçy oglanlar kwartet topary, “Şirin owaz” dueti, “Ýaşlyk joşguny” tans topary, “Bagtyýarlyk mukamy” orkestr topary hereket edýär. Talyp ýaşlar okuwdan boş wagtlary hereket edýän döredijilik toparlaryna gatnaşyp, zehin –başarnyklaryny kämilleşdirýärler we ösdürýärler. Bu bolsa talyplaryň tejribe endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. Döredijilik toparlary özleriniň täze-täze aýdym sazlaryny, tanslaryny döredip ýurdumyzda, Aşgabat şäherinde geçirilýän döwlet derejesindäki baýramçylyklarda hem-de teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýärler.
Mekdepde “Şeýda-bilbil” aýdymçy gyzlar kwartet topary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş, Mähriban Arkadagymyzyň bu ynamy “Şeýda-bilbil” aýdymçy gyzlar kwartet toparynyň has köp zähmet çekip, tomaşaçynyň göwnünden turjak, belent owazly aýdymlaryň üstünde işlemegine itergi berdi. Häzirki wagta “Şeýda-bilbil” aýdymçy gyzlar kwartet topary mekdebiň aýdym mugallymy Maral Kadyrowanyň çeper ýolbaşçylygynda döwrüň sesine ses goşup, ýurduň ähli täzelikleriniň we bagtyýarlygynyň buşlukçysy bolup, türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
Mekdebiň “Ýaşlyk joşguny” tans topary zehinli, höwesjeň talyp ýaşlardan düzülen ýaş topar bolup, bu toparyň tansçy oglan-gyzlary özleriniň talyp ýürekleriniň joşgunyny döredijilik çykyşlarynyň üsti bilen tomaşaça ýetirýärler. Häzirki wagtda hem taryh gatyndan ýaň salýan medeni mirasyň müň dürli öwüşginlerini bu tans toparyň çeper ýolbaşçysy Çemen Atahanowa goýýan tanslarynyň, folklor çykyşlarynyň üsti bilen halka ýetirýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen gadymy dap-dessurlarymyz döwrebaplaşdyrylyp, tansdyr folklor çykyşlar häzirki zamanyň ruhuny özünde jemleýär.
Mekdebiň mugallymy Alymberdi Meläýewiň režissýorlyk etmeginde, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Aktýorlyk sungaty” hünäriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Gowşutgeldi Daňatarowyň “Söýgi bizi halas eder” eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektakly teatryň repertuar sanawyna goşulyp, häzirki wagtda yzygiderli halk köpçüligine görkezilýär.
Mekdepde Türkmenistanyň ilkinji Demokratik partiýa guramasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy, ilkinji Zenanlar guramasy, Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalary hereket edýär. Jemgyýetçilik guramalary tassyklanan iş meýilnamalary esasynda duşuşyklary, wagyz-nesihat işleri, bäsleşikleri, döredijilik agşamlary ýaly birnäçe medeni çäreleri geçirilýär.
Talyplar özleriniň umumy, amaly sapaklarda alan bilimlerini tejribe okuw sapaklarynda Aşgabat şäherindäki teatrlarda, teleýaýlymlarda, Türkmenistanyň Medeniýet merkezinde, kitaphanalarda, muzeýlerde geçýäler. Talyplar boş wagtlary özleriniň gözýetimini, başarnyklaryny artdyrmak üçin şäherimizde ýerleşýän teatrlarda sahnalaşdyrylýan oýunlara tomaşa edýärler, muzeýlere, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar. Mugallymlar we talyplar yzygiderli tele-radio ýaýlymlarda, gazet-žurnallarda makalalary, çykyşlary bilen işjeň gatnaşýarlar.
Mähriban Arkadagymyz bilen arşa galýan türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde mynasyp işleri alyp barmak mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň borjudyr! Türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda asylly işleri alyp barýan, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy bakylyga öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Türkmen ýaşlary Mähriban Arkadagymyzyň bagtyýarlyk, berkararlyk ýoly bilen diňe öňe barýar!

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39