Dalaşgär 2024-2025
TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET
WE SUNGAT MEKDEBI
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga
kabul edýändigini yglan edýär:
1. Kitaphanaçylyk işi;
2. Çagalar okaýşyny guramak;
3. Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi;
4. Medeniýet öýünde režissýorlyk;
5. Aktýorlyk sungaty;
6. Ses we yşyk bilen bezemek;.
7. Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi;
8. Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak;
9. Teatr-bezeg sungaty (Grim).
Tölegli esasda okadyljak hünärmenleriň taýýarlanýan ugurlary (hünärleri):
1. Çagalar okaýşyny guramak;
2. Kitaphanaçylyk işi.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine
Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly
aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
—bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
—umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden)
häsiýetnama;
—3x4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan
göçürmesi;
—giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda
artykmaçlyklardan peýdalanýan girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler
boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara
bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň
döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we
halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan
degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler
ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş
toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
—şahsy pasportyny;
—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy
geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç
hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin
dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet
medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust
aýynyň 02-si, we 04-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
-çagalar okaýşyny guramak; kitaphanaçylyk işi; iş
kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri
goramak, ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi hünärleri — Türkmenistanyň
taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça
söhbetdeşlik;
-medeniýet öýlerinde režissýorlyk; aktýorçylyk sungaty; tear-bezeg
sungaty (Grim); ses we yşyk bilen bezemek hünärleri — saýlanan hünär boýunça
ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta
mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden
geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga
esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan
geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, tel.:
27-20-50, 27-21-22.