«Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemleýji bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr, şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39