Türkmenistanyň Prezidenti ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşýar

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar. Bu barada TDH ýazýar.

Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda döwlet Baştutany birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

«Merkezi Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklyk etmeginde geçirilen Sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolts, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39