Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Her ýyl 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi.
«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde bu bäsleşigiň guramaçylary bolup durýar.
Bäsleşige ozal çap edilmedik makalalar, Aşgabadyň gözelligine bagyşlanan goşgular, türkmen paýtagtynyň ajaýyplygyny şekillendirýän fotosuratlar we fotokollažlar kabul edilýär – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu bäsleşige islendik adam gatnaşyp biler.
Bäsleşige hödürlenýän işleri «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna 15-nji maýa çenli ibermeli, bukjada «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» bäsleşigine» diýlip bellenmelidir.
Ýeňijileriň atlary Aşgabat şäheriniň gününde yglan ediler; olaryň işleri «Aşgabat» gazetinde çap ediler.
Ähli soraglar boýunça şu belgiler arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 39-96-24; (+993 12) 39-96-34.