Magtymgulynyň ukrain dilinde çap edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
3-nji martda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи. Одкровення» atly ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä şahyrlar we ýazyjylar, umumy bilim berýän, aýdym-saz mekdepleriniň we döredijilik sungat birleşikleriniň mugallymlarydyr wekilleri, okuwçylary, talyplar hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, şeýle-de şahyryň durmuş ýolunydyr filosofiki garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen ukrain medeni işgärleriniň goşandynyň Türkmenistanda örän uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiwiň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygyklary aýratyn bellenildi.
Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň beýanydygy bellenildi.