2025-nji ýylda Türkmenistan we Awstriýa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklara, hususan-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, awstriýa tarapy şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39