Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheri «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi
2024-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň komiteti bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşige hödürlenýän goşgularda, makalalarda gadymy Änewiň geçmiş-taryhy, Änew medeniýetini öwrenmekde uly işleri alyp baran alym-arheologlaryň ylmy gözlegleri, olaryň arheologiýa gazuw-agtaryş işleri döwründe ýüze çykaran dürli gymmatlyklary, bu ýerde ýaşap geçen tanymal şahsyýetleriň ömri we döredijiligi öz beýanyny tapmalydyr.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň awgust aýynda jemlenip, onuň ýeňijileri gymmatly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.