Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetiň agzybirligini has-da berkitmekde eziz eneleriň uly işleri bitirýändiklerini belledi.

«Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady we köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady 2008-nji ýylda döredildi. Ol sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere berilýär. Bu hormatly ada mynasyp bolan enelere ýörite nyşan we şahadatnama, şeýle-de beýleki degişli ýeňillikler berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39