Ejeň bolsa dünýäde,(Goşgy)

Her gün säher ajaýyp,
Ejeň bolsa dünýade.
Daň owadan ataýyp,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Irden işe başlasam,
Işläp göwnüm hoşlasam,
Aňsat ýürek joşmasam,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Onsuz dünýe dar gerek,
Öýe atygsar ýürek,
Görmek üçin janserek,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Başga baýlyk görünmez,
Bela üste sürünmez,
Ýürek küýsäp urunmaz,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Çagalygyň bagtyýar,
Dogumlyja, ygtybar,
Ýörän ýoluň ýagtylýar
Ejeň bolsa dünýade.
 
Ýetişer agtyk, çowluk,
Höküm sürýändir gowluk,
Bahar-ýaz gitmez sowlup,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Dowamatyň dowamdyr,
Tomaşaly obaňdyr,
Ýaşamaklyk gowamdyr,
Ejeň bolsa dünýade.
 
Jumaberdi Artykow,Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy






































































Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39