Türkmenistanda ilkinji gezek fijital sport boýunça ýaryş geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek fijital sport boýunça milli ýaryşa badalga berler. Bu ýaryşa ýurduň ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriniň toparlary gatnaşar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiriljek ýaryşa şu gün ― 1-nji aprelde badalga berler. Ýaryşyň açylyş dabarasy sagat 15:00-da başlanar.

Meýilnama görä, 1 ― 3-nji aprel aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fijital-basketbol, fijital-karate-do, fijital-stol tennisi we fijital-futbol ýaryşlary geçiriler. 4 ― 6-njy aprel aralygynda fijital sportuň ýokardaky görnüşleri boýunça geçiriljek ýaryşlara bolsa umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşar.

Ýaryş bilen ugurdaşlykda bu baýry ýokary okuw mekdebinde dürli maslahatlar we hepdelikler geçiriler.

Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Fijital sport beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän täze sport görnüşidir. Munda türgen hem wirtual dünýäde kompýuterde ýokary netije görkezmeli, hem-de sport meýdançasynda özüni synamaly. Fijital sportda birbada iki ugurdan baş alyp çykmaly. Fijital sport kompýuter oýnunda wirtual dünýäde ussat kibertürgeniň ezberligini, çalasynlygyny iş ýüzünde synap görmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda sportuň islendik görnüşi sanly ulgamda oýnamak üçin ýörite işlenen programmalarda elýeterlidir. Wideo-oýunlar sportuň haýsy görnüşinden taýýarlanan bolsa, ondaky düzgünler, kadalar hereketli görnüşinden tapawutlanmaýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39