Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Konsertde Oskar baýragyna mynasyp bolan filmlerden sazlar ýaňlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, konsert Greg Gulmeniň «Gimn Oskara» atly sazy bilen açyldy, soň bolsa dürli ýyllarda esasy kino baýragyna mynasyp bolan filmlerden 16 saz ýerine ýetirildi.

Olardan «Seniň aňyň ýel degirmeni (Ветряные мельницы твоего сознания)», «Başga planetaly (Инопланетянин)», «Oz ýurdunyň jadygöýi (Волшебник страны Оз)», «Ýüzükleriň hökümdary (Властелин колец)» we beýleki filmlerden sazlar ýaňlandy. Orkestr sazandalarynyň ýerine ýetiren Jon Williamsyň döreden sazy tomaşaçylarda has-da gyzyklanma döretdi we «Ýyldyz söweşleri» filmindäki saz täsirli boldy. Döwran Şammyýewiň we Şasenemiň ýerine ýetiren kompozitor Jastin Hurwitsiň «La La Land» romantiki dueti tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, iki aýdym meşhur jansyz 007 Jeýms Bonda bagyşlandy. Olaryň birinjisinde Billi Aýlişiň «Entek ölmegiň wagty gelenok (Не время умирать)» atly aýdymy Maýsa Nyýazowa ýerine ýetirdi. Sam Smitiň bu film üçin ikinji aýdymyny Döwran Şammyýew ussatlarça ýerine ýetirdi.

Kakajan Hudaýberdiýewiň tüýdükde ýekelikde ýerine ýetiren Hans Zimmeriň «Gladiator» sazy hem diňleýjilerde ajaýyp täsir galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39