Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Türkmen döwlet
medeniýet we sungat mekdebiniň direktory Annaýew Şageldi
ýygnagy açyp, ol sözüniň başynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler
barada eden taryhy çykyşyny we «Elektron resminama, elektron resminama
dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda
internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan
düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň
döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk
hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz-öňünde tutulan esasy maksatlary we
wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi
düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
talaplary barada giňişleýin belläp geçdi.
Ýygnagyň dowamynda
ýygnaga gatnaşyjylar sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde
maglumatlaryň Kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem
düzüm gurluşlarynyň ähli birlikleriniň, maliýe ulgamynyň we döwlet
dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär diýip giňişleýin çykyş etdi.