Milli Liderimiz Arkadag şäherine bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmegiň wezipeleri bilen gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary barada söhbet etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy akademiýanyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Gahryman Arkadagy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesliň bedew atlara bolan höwesiniň türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny aýtdy.
Gahryman Arkadag körpeleriň bedewlerde manežiň içinde gezim edýän pursatlary olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy.
Halk Maslahatynyň Başlygy atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň manežinde bedew münüp, gezim eden körpeler halypa atşynas Gahryman Arkadagyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Şeýle hem olar şunuň ýaly döwrebap manežlerde ýelden ýüwrük bedewlere atlanyp, milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryny nygtadylar.
Soňra ussat atşynas Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlaryny gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew atlara höwesek çagalaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.