Aşgabat Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlanýar

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagt şäheriň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurduň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanda, şol sanda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39