Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
18-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurduň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanynyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetiň hem-de döwletiň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjeler, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi bitewileşdirilýär, ösüşleriň, bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.