«Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň dowamynda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Serdar Berdimuhamedow kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Liderine ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmenistanlylara mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

— Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar — diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýygnananlary hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39