Aşgabatda baýramçylyk konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu barada HHM habar berdi.
Dabarada «Oguz hanyň pendi bir beýik taglym, parlap duran ýaşyl tuguňa tagzym!» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Oňa ýurduň halk artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan belent heňde ýerine ýetirildi. Soňra konsert meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, horeografik-folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki özboluşly çykyşlar bilen dowam etdi.
Gadymy «küştdepdi» tansy dabaranyň aýratyn ünsi çeken bölegine öwrüldi. Konsert «Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdym bilen tamamlandy.