«Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurduň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurduň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi.

Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Habarda bellenilişi ýaly, umumy mejlisde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi we bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi babatda ýurtda alnyp barylýan köpugurly işler beýan edildi.

Maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wiorel Gusu bu forumyň dialog hem-de bilim paýlaşmak üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Ol çykyşynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde oba hojalygynyň we azyk howpsuzlygynyň tutýan ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, durnuklylygy ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak arkaly biologik dürlüligi gorap saklamagyň, hemmeler üçin azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň mümkindigi bellenildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy A.Orazbaýyň umumy mejlise gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasynyň çäklerinde Aral deňzi sebitiniň ekoulgamyny dikeltmek, oňaýsyz täsirlerini peseltmek babatda durmuşa geçirilen iri taslamalar hakynda aýdyldy.

Soňra maslahat öz işini Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda birwagtda geçen üç bölümde dowam etdi.

«Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary» atly bölümde daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna üns çekildi.

«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly bölüm innowasion ýollar arkaly suwaryşyň ekologiýa täsiri, tokaý zolaklaryny döretmegiň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti baradaky meseleleri we beýlekileri öz içine aldy.

«Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri» atly bölümde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň alyp barýan işleri, howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň sebitinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy babatda sebit döwletleri tarapyndan görülýän çäreler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi.

Gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklaryň ýörelgeleri bilen baglylykda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça görülýän çärelere möhüm ähmiýet berildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurduň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39