Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Ylymlar güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Şu gün Türkmenistanda Ylymlar güni baýram edilýär. Şu mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:
"Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ylmy ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Ata Watanymyzda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Siziň başlangyçlaryňyz bilen üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ylym özgertmeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni-ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şertine öwrülýär. Täzeçil pikirleniş ukyby, giň dünýägaraýşy we hünär taýdan höwesi bolan ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamak täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň baş maksadydyr.
Siziň kabul eden Kararyňyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi, Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň tehnologik taýdan ösüşine, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we bilelikdäki taslamalaryň, ylmy barlaglaryň öňe ilerlemegine, ýokary hünärli ýaşlaryň taýýarlanylmagyna ýardam eder.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dürli ugurlary ösdürmek boýunça ylmy barlaglar üstünlikli alnyp barylýar. Ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ulgamlarynda-da ylmy barlaglar bilen meşgullanýarlar. Watanymyzda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämil kanunçylyk binýady döredilip, «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça halkara gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologik hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Garaşsyz Watanymyz ylym ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikdäki işleri alyp barýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde maddy gymmatlyklar bilen bir hatarda, halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary hem egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde baýram edilýän ýylynda halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we milli mirasy ylmy nukdaýnazardan düýpli öwrenilýär. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda amal edilen netijeli işleriň hatarynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň üstüniň ýetirilmegi, onuň edebi dünýäsiniň dürli taraplarynyň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi, şahyryň goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi buýsandyryjydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!".