Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň 67 ýyllygyna
Şu gün — 29-njy iýunda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesini esaslandyryp, döwletliligiň synmaz sütünini emele getirdi. Ol mähriban halkynyň Arkadagyna öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda türkmenistanlylaryň we tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi. Olar anyk netijelere, batyrgaý çözgütlere eýe boldy. Watanyň abadançylygyny, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana baştutanlyk eden ýyllarynda aýgytly, yzygiderli we maksada okgunly hereketi bilen, durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň yzygiderli dowam etmegini gazandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ýokarlanmagy ugrunda ägirt uly, ýadawsyz tagalla edýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan diýen ady buýsanç bilen göterýän döwletiň düýp binýadynyň kuwwatyny pugtalandyrýar.
Bu gün bagtyýar türkmen halky Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öz milli Lideriniň – oňyn özgertmeleriň ruhlandyryjysy Gahryman Arkadagynyň dörediji gujur-gaýratyndan ylham alyp, öz abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar.
Hormatly Gahryman Arkadagymyz, Size saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-gaýrat, türkmen halkynyň bähbidine we söýgüli Watanymyzyň bagtly geljegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!