Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 31 ýylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 31 ýyl boldy. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň guramagynda ýurtda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli geçen döwür içinde gazanylan üstünlikler, amala aşyrylan işler, öňde durýan wezipeler boýunça maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi saýtynda habar berildi.
Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen bu maslahatda ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek üçin taýýarlanylýan Hödürnamalaryň mazmuny barada täze okuw ýylynda talyp ýaşlara giňişleýin wagyz etmek barada hem maslahatlaşyldy.