Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde döredijilik duşuşgy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dilçi alymlaryň, žurnalistleriň, aktýorlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda kitaphana işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Onda çykyş eden myhmanlar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň köptaraply baý mirasyny bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler, ol bu çärä şahyrana äheň berdi diýlip, habarda bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39