Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy

1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dostlukly halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. 

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir. 

Şanly waka mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan 1-nji synpa barýan okuwçylara «Bilimli» markaly noutbuklar we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu waka mekdebiň okuwçylaryny we ata-enelerini hem, mugallymlaryny hem diýseň begendirdi, köňülleri buýsanja beslendi. 

Şanly dabarada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Şeýle hem umumybilim berýän mekdebiň ýanyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Bu döwrebap mekdep hem ýaşlaryň bilim öwrenmegine uly mümkinçilikleri açýar. Mekdebiň okuw otaglarynda okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanmaga, okuw-usulyýet işini kämilleşdirmäge şertler döredilendir. Bu mümkinçilikler mugallymlary hem, bu ýerde bilim öwrenjek ýaşlary hem aýratyn buýsandyrýar.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39