Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

Düýn 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Maslahat köşgüniň eýwanynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem umumymilli forumda halkyň bagtyýar durmuşyny we ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.

TDH-nyň beýan edişi ýaly, soňra döwlet Baştutanyny Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39