Magtymgulynyň pars diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli pars diline terjime edilen «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly goşgular ýygyndysy çap edildi. Oňa 270-den gowrak goşgy girizilipdir. 449 sahypadan ybarat bolan bu ýygyndy «Ylym» neşirýaty tarapyndan 500 nusga möçberinde çap edildi. Bu barada HHM habar berdi.
Bu ýygyndy ýakynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Magtymguly» sowgatlyk kitabynda ýerleşdirilen saýlama eserlere esaslanyp taýýarlanyldy. Kitap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we dünýä medeniýetine goşýan ähmiýeti baradaky sözleri hem-de Gahryman Arkadagyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilen açylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, kitap eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlanyldy. Redaktorlyk işlerini Dawut Orazsähedow bilen Sobhan Salariniýa ýerine ýetirdi, goşgulary pars diline Güýçmyrat Çanlyýew bilen Aýmyrat Kulyýew terjime etdiler.