Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda «Modern» atly sergi açylýar
30-njy noýabrda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda açyljak «Modern» sergisi häzirki zaman türkmen sungatynyň wekilleriniň döreden täze eserleri bilen tanyşdyrar.
Sergide goýlan suratlara syn etmek üçin gelenler ýurduň öňdebaryjy suratkeşleriniň özboluşly ajaýyp işlerini görerler. Olaryň arasynda Çarymyrat Ýazmyradowyň, Sapa Pürliýewiň, Zakirjan Babaýewiň, Gahryman Goçmyradowyň, Owgan Owganowyň, Baýram Bazarowyň, Amanmyrat Modyýewiň we Rustam Abdullaýewiň gaýtalanmajak eserleri bar. Bu işleriň her biri häzirki zaman şekillendiriş sungatyna bolan öz garaýyşyny görkezýär we ýurdumyzyň milli sungat mekdebiniň ösüş ýoluny beýan edýär.
Serginiň açylyş dabarasy sagat 18:00-da başlanýar. Sergi bir aýlap dowam eder. «Modern» sergisinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň giň köpçülige görkezilmegi ýurdumyzyň milli sungatdaky häzirki zaman gözlegleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Sergä girmek — tölegsizdir.