«Saz sungaty» atly okuw gollanmasy çap edildi

«Saz sungaty» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy Türkmen döwlet medeniýet institutynda saz sungaty okuw dersini okaýan talyplar, şeýle-de aýdym-saz, medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin niýetlenilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Kitapda aýdym-saz sungatynyň inçe syrlary, türkmen halkynyň milli sazlary, saz gurallarynyň görnüşleri, olaryň döreýiş taryhy baradaky maglumatlar jemlenilýär.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenip, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler hem gollanma hökmünde peýdalanyp biler diýlip, habarda bellenilýär.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39