Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly baýram mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan mundan 28 ýyl ozal taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli, maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar. Şeýle hem Gutlagda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksadynyň halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna pugta eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdygy nygtalýar. Şoňa görä-de, ähli döwletler we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň ýurduna — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bagyşlanan «Gülle sen, Bitarap Türkmenistanym!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdymda aýdymçylar, konserte gatnaşyjylaryň hemmesi ähli ildeşlerimiziň adyndan mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrundaky tagallalary üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.