«Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» — ylymlaryň şamçyragydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» — ylymlaryň şamçyragydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 17-nji dekabrda bolan ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň ylmy nukdaýnazaryndan öwrenmäge gymmatly çeşme bolup durýandygyna şaýatlyk etdi diýlip, Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ylmy-amaly maslahatynyň işi umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen başlap, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarydyr professor-mugallymlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

3 sany bölümçede işini dowam eden bu ylmy-amaly maslahatyň işine ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri işjeň gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahata gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39