"Türkmen Owazy" teleýaýlymy 16 ýyllyk şanly senesini belleýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen "Türkmen Owazy" teleýaýlymy özüniň 16 ýyllyk baýramyny belleýär. Türkmen saz sungatyny we medeniýetini halkara derejesinde öňe sürmek maksady bilen, onuň döredilmegi barada karar 2008-nji ýylyň 17-nji dekabrynda gol çekildi.
Teleýaýlym 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýamal-201 hemrasy arkaly ýaýlyma çykyp başlandy. Telekanal türkmen dilinde köpçülikleýin we sazly gepleşikleri ýaýlyma berýär, tomaşaçylara milli sazlary hem-de häzirki zaman türkmen aýdym-sazlaryny hödürleýär.