Türkmen gözeliniň edep-ekramy, döwürleriň şygra siňen heňňamy


2021-nji ýylyň 6-njy martynda mekdebiň mejlisler zalynda, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de “Milli Bahar baýramy”  mynasybetli, Talyp gelin-gyzlaryň arasynda “Türkmen gözeliniň edep-ekramy, döwürleriň şygra siňen heňňamy” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşik Bagtyýarlyk döwrümiziň kalbynyň owazyna öwrülen halk döredijiliginiň görnüşleri bolan monjugatdylary, ajaýyp toý aýdymlary, çeper okaýyşlary, çeper sözleriň üsti bilen Watanymyzy, halkymyzy, Hormatly Prezidentimizi, ak Paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi  wasp etmek, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärlerimizi täze öwüşgün berip, ony halk köpçüligine ýetirmek, türkmen halkynyň myhmansöýerligini,  Hormatly Prezidentimiziň “Çaý melhem hem ylham”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaplaryndaky adam saglygyna peýdaly çaýlary taýýarlamagyň, olaryň peýdasyny tomaşaçylara ýetirmek, şeýle hem talyplaryň zehin başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilỳär.
Bäsleşik 5 sany şertden ybarat bolup, 1-nji şerti “Tanyş boluň” diýip atlandyrylyp, bu şertde gyzlarymyz özleri, hünärleri bilen çeper sözüň üsti bilen tanyş etdiler. 2-nji şerti “Geliň monjuk atalyň” diýip atlandyrylyp, bu şertde türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan Nowruz baýramynda gelin-gyzlar tarapyndan aýdylýan monjukatdyny ýerine ýetirdiler. 3-nji şerti “El hünäri-il gezer” diýip atlandyrylyp, bu şertde bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlarymyz  iki aýdymyň dowamynda kesip taýýarlanylan mata bölejiklerinde ene–mamalarymyzdan gelýän guragy gurnadylar. Bäsleşigiň 4-nji şerti “Jana şypa melhem çaýy” diýip atlandyrylyp, bu şertde bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlarymyz hormatly Prezidentimiziň “Çaý melhem hem ylham”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”  kitaplaryndan  melhem çaýyny bir  aýdymyň  dowamynda  taýýarladylar. 5-nji şerti “Waspnama” diýip atlandyrylyp, bu şertde talyp gyzlarymyz Watanymyzy, halkymyzy, hormatly Prezidentimizi, ak Paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi bir aýdym ýa-da şygryň üsti bilen wasp etdiler.
Bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Bäsleşigiň soňunda eminler agzalar tarapyndan talyp gelin-gyzlaryň ýeňijileri yglan edilip, olara mekdebiň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat haty gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39