Объявлен творческий конкурс, посвященный 300-летию Махтумкули Фраги


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri, şahyryň goşgularynda öňe sürülýän belent pikirleri çeper beýan edýän goşgular, makalalar, hekaýalar hödürlenýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary hem goşup (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty) «doredijilikmedeniyet@sanly.tm» elektron salga ibermeli. Eserler 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «www.medeniyet.gov.tm» resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

https://turkmenportal.com/tm/blog/44200/magtymguly-pyragynyn-300-yyllygy-mynasybetli-doredijilik-basleshigi-yglan-edildi

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39