Medeniýet we sungat mekdebiniň taryhy


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 4-nji martyndaky №10967 kararynyň №53-nji buýrugy bilen, 2010-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi açyldy. Şu okuw mekdep medeniýet we sungat edaralary, mekdep kitaphanalary üçin gerekli hünärmenleri taýýarlaýan orta hünärmen okuw mekdebi bolup, döwlet eýeçiligindäki orta hünärmen okuw mekdebidir.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi açylan ýyly 2010-2011-nji okuw ýylynda “Medeni-köpçülik çärelerini guramak” we “Kitaphana işini öwreniş” hünärleri boýunça talyplary okuwa kabul edildi. Kabul edilen hünärlerde ýagny, “Medeni-köpçülik çärelerini guramak” hünärinde talyplar üç ýyl bilim aldylar,  “Kitaphana işini öwreniş” hünärinde bolsa talyplar iki ýyl bilim aldylar.

  • 2012-2013-nji okuw ýylynda “Höwejeň halk saz orkestrine ýolbaşçylyk” hünäri açyldy.
  • 2013-2014-nji okuw ýylynda “Aktýorçylyk (halk teatr topary)”, “Medeniýet öýlerinde režissýorlyk” hünärleri açyldy.
  • 2014-2015-nji okuw  ýylynda “Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny  guramak we arhiw işi”, “Saz we yşyk bilen bezemek” hünärleri açyldy.
  • 2015-2016-njy okuw ýylynda “Kitaphana işini öwreniş” bölümi üç ýyllyga geçirildi. 2016-2017-nji okuw  ýylynda “Muzeý işi we medeni ýadygärlikleri goramak” hünäri açyldy.
  • 2020-2021-nji okuw ýylynda “Teatr-bezeg sungaty (Grim)” hünäri açyldy. 

Ylmyň, bilimiň, sungatyň, edebiýatyň ösmegine uly ýardam edýän mähriban Arkadagymyz täze tehnologiýalary özleşdirmeklige, okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaklyga uly mümkinçilikler döredip berýär. 2015-nji ýylyň 27-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky 76 sany kitaphanany bir bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirmegi döretmek baradaky karara gol çekdi. 2016-2017-nji okuw ýylda “Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň (BEKU) okuw maksatnamasy” mekdebiň kitaphanasynda ýerleşdirilip, “Kitaphanaçylyk işi”, “Çagalar okaýşyny guramak” hünärleriniň talyplary okuw derslerinde giňişleýin öwrenýärler.
















Paýlaş

Sanly bilim

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 4-nji martyndaky №10967 kararynyň № [...]

Sport

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 4-nji martyndaky №10967 kararynyň № [...]

Kitaphana

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 4-nji martyndaky №10967 kararynyň № [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39