Türkmenistanda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, biziň ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şol ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2025-nji ýylyň ady hem-de nyşany taýýarlandy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.

Hormatly prezidentimiz gelip gowşan teklibi oňlap, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleri ýokary derejede gurnamak üçin guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini hem-de bu gramaçylyk komitetine ýolbaşçylyk etmegi Halk Maslahatynyň üstüne ýüklemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen çäreleri mynasyp alyp barmak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 4-nji jaýy

Ashgabat city, Magtymguly street, 4
4, ул. Махтымкули, г. Ашхабад

Telefon belgiler:
(+993 112) 27-21-39