Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň mart aýynyň 4-indäki 10967 belgili Kararyna laýyklykda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi döredildi.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň düzgünnamasyna laýyklykda, ilkinji gezek 2010-2011-nji okuw ýylynda «Medeni-köpçülik çärelerini guramak» we «Kitaphana işini öwreniş» hünärlerine, hersine 30 talyp, jemi 60 talyp kabul edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ruhubelent, maksadaokgunly, giň dünýägaraýyşly, saýlan hünärine ussat ýaşlary ýetişdirmekde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde uly işler alnyp barylýar.
Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek üçin bilim ulgamyny has kämilleşdirmek biziň ýurdumyzda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, talyplaryň kitaphana hyzmatyndan peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler, kitaphana işini döwrebap guramak boýunça ähli zerur şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan birnäçe döwrebap kompýuterler gurnalyp, bitewi elektron kitaphanalar ulgamy döredildi.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Kitaphanaçylyk işi», «Çagalar okaýşyny guramak», «Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak», «Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi», «Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi» hünärleri hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gurlup ulanmaga berlen we halkymyza hyzmat edýän Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki taryhy-medeni we ülkäni öwreniş muzeýlerine şol hünärleriň talyplarynyň mugallymlary bilen bilelikde gezelenji guralýar.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde aýdym-saza hem höwesli talyplaryň onlarçasy sungatyň dürli ugurlaryndan bilim alýar. Şolardan «Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak» hünäri hem hereket edýär. Mekdebimizde şol hünäriň talyplaryna «Ýaňlan Diýarym» bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji hem-de Şa serpaýlarynyň eýesi bolmaklyk miýesser etdi. Şeýle hem uçurymlarymyz mekdepde okan döwri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmenistanyň Altyn Asyry atly bäsleşigiň ýeňijileri bolmaklyk miýesser etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynda watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek we ösdürmek üçin kämil spektakllary döredilýär. Mekdebimiziň «Aktýorlyk sungaty», «Medeniýet öýünde režissýorlyk», «Teatr-bezeg sungaty (Grim)» we «Ses we yşyk bilen bezemek» hünärleriniň talyplary, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda watançylyk, söýgi, dostluk ýaly temalardan täze-täze il halar döwrebap eserleri sahnalaşdyrýarlar. Talyplaryň sahnalaşdyrýan spektakllarynda sahnanyň bezelişine, saz-bezeg işlerine uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagyna uly üns bermeginden ruhlanan talyplaryň sahnalaşdyran spektakly geljekki sahna ussatlarynyň teatr sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny içgin özleşdirmegine hem-de olaryň kem-kemden kämillige gol bermegine uly mümkinçilik döredýär.
Mekdebimiziň «Aktýorlyk sungaty» hünärini tamamlaýan uçurumlarymyz VI ýarymýyllykda döwlet synagyna Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda sahna oýnuny görkezýärler. Şol görkezilen sahna oýunlaryndan «Sögüniň güýji», «Juwan kalbym joşanda», «Amanat giýew», «Söýgi bizi halas eder», «Söýgi duralgasy», «Asyl hazyna», «Afrika söýgüsi» atly birnäçe spektakllar mekdebiň halypa mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Durdyklyç Nyýazowyň režissýorlyk etmeginde, şeýle-de mekdebiň mugallymlarynyň režissýorlyk etmeginde oýunlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan makullanyp, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň repertuaryna goşuldy, bellenen wagtlarda halk köpçüligine görkezilýär. Şeýle hem teatrlarda görkezilýän oýunlarda mekdebimiziň talyplary gatnaşyp tejribesini has-hem artdyrýarlar.
Mundan başgada teatrlarda halypalar bilen aýratynlykda duşuşyklar guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň Halypa şägirtlik ýoluna eýerip, halypalar bilen duşuşyklar teleýaýlym arkaly halk köpçüligine görkezilýär.
Mekdebimizde döredijilik toparlary hereket edip, olar «Dürler hazynasy» folklor topary, «Güller» tans toparlarydyr. Bu toparlar ýygy-ýygydan teleýaýlymlarda, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda, konsertlerde yzygiderli çykyş edýärler. Hususan-da mekdebimiziň «Dürler hazynasy» folklor topary Aşgabat şäheriniň çäginde döwrebap açylýan täze jaýlaryň açylyş dabarasyna işjeň gatnaşyp yzygiderli çykyş edýärler.
Gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalar, sport desgalary, şeýle hem ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biziň mekdebimiziň talyp ýaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden sport bäsleşiginiň dürli görnüşleri boýunça ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara we hormat hatlara mynasyp bolýarlar.
Ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr. Biziň mekdebimiziň ýaşlary şeýle ajaýyp ýörelgä eýerip, döwlet derejesindäki çärelerde, baýramçylyklarda yzygiderli çykyş etmek bilen kämillik ýoluna gadam basýarlar. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesine laýyk bilim we terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara üstünliklere beslensin!