Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere gezelenç

Image description

       Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň agzybir talyplary we mugallymlary 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere gezelenç guradylar. Bu gezelençde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan muzeýleriň taryhy maglumatlary we onuň içindäki milli gymmatlyklarymyz bilen taryhy barada giňişleýin maglumatlary mekdebimiziň mugallymlary talyplara gürrüň berdiler. Gezelenjiň  dowamynda talyplar Bitaraplygyň taryhyny görkezýän eksponatlar we taryhy maglumatlary özünde jemleýän sergiler bilen ýakyndan tanyşdylar. Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda Bitaraplyk binasynyň içinde görkezilýän resminamalar, fotosuratlar we eksponatlar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe sebit howpsyzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmän, eýsem bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň kepili bolup durýandygyny, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna ýardam edýändigini doly derejede görüp öwrendiler.

       Gezelenjiň ahyrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary, şeýle-de talyplary okamaga, giňden öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere …

Täzelikler