2026-njy ýylyň 3-nji martynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde guramagynda «Eneler dünýäniň görki» atly zehinli talyp ýaşlaryň arasynda eneleri wasp edýän şygyrlaryň çeper okaýyş bäsleşigi mekdebiň mejlisler zalynda ýokary derejede geçirildi.
Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olaryň milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr. «Eneler dünýäniň görki» atly bäsleşigine gatnaşan talyplar 3 şert boýunça özara bäsleşdiler.
Bäsleşige gatnaşan mekdebimiziň talyp ýaşlary birinji şert boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda enelere goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny çeper okaýyşda ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler;
Ikinji şertinde bäsdeşler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitapdan çeper okaýyş bilen enelere bolan söýgüni, hormaty çeper beýan etdiler;
Üçünji şertde bolsa bäsleşige gatnaşýan talyp ýaşlar bir aýdymyň dowamlylygynda ene hakynda goşgy düzüp ene mukaddesligini, enelere bolan çäksiz hormaty mähir-şepagaty açyk aýdyň öz goşgylarynda çykyşlarynda ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik örän täsirli we çekeleşikli geçdi, talyplar bäsleşigiň ähli şertlerini doly ýerine ýetirdiler we şeýlelikde emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, oňa gatnaşan talyplar öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara, hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan ähli talyplar, mugallymlar we myhmanlar şeýle ajaýyp giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Eneler dünýäniň görki» …