Halkara Zenanlar güni mynasybetli Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Gyz edebi-il edebi» ady bilen «Talyp gözeli – 2026» edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Image description

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de Halkara Zenanlar güni mynasybetli Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Gyz edebi-il edebi» ady bilen «Talyp gözeli – 2026» edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi.

 

2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 35 ýyllygy hem-de Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, we I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw  mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Gyz edebi-il edebi» ady bilen «Talyp gözeli – 2026» edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Kitaphanaçylyk işi» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýjemal Esenowa işjeň gatnaşdy.

«Talyp gözeli – 2026» atly bäsleşigine gatnaşan talyplar 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. Mekdebimiziň talyby bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şygarynyň many-mazmunyny çeper dilde wasp edip döredijilige bolan ukybyny sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlygyny açyp görkezdi. Ikinji şerti boýunça ene-mamalaryň gyz maşgala degişli birnäçe nesihatlaryny aýdyp bermek, durmuşda ornaşdyrylyşy barada goşgylar, tymsallar arkaly çykyş etdi. Üçünji şertinde bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaplarynda beýan edilen durmuş mysallaryň birini aýdyp bermek, manysyny düşündirmek boýunça mekdebimiziň birnäçe talyplary bilen bilelikde çeper beýan etdiler.

Şeýlelikde çekeleşikli geçen bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, mekdebimiziň talyby Aýjemal Esenowa 3-nji oruna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halkara Zenanlar güni …

Täzelikler