Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi

Image description

2026-njy ýylyň 6-njy martyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdebiň döredijilik toparynyň gurnamagynda baýramçylyk konserdi we mekdebiň döredijilik toparlaryna işjeň gatnaşýan mugallymlaryň we talyplaryň  ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi.

Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

Baýramçylyk konserdinde mekdebimiziň döredijilik topary özleriniň taýýarlan mährem enelere, dünýämizi gözelleşdirýän zenanlarymyza, gülden näzik gelin-gyzlarymyza bagyşlanan milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlaryny aýdyp, çeper okaýyşlar, goşgylar bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda  zenan bagtynyň, wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda gözel görnüşe gelýän waspy ýerine ýetirildi.

Mekdebimiziň gelin-gyzlarynyň şanyna söýginiň, näzikligiň, gözelligiň we wepalylygyň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen çärede döredijilik toparynyň ähli çykyşlarynda ýürekleri tolgundyrýan aýdym-sazly joşgunly çykyşlar konserdiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Şeýle hem çäräniň dowamynda mekdebimiziň döredijilik toparyna we mekdebiň işlerine işjeň gatnaşan zenan mugallymlara we talyplara hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşan mekdebimiziň mugallymlary we talyplary döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halkara zenanlar güni …

Täzelikler