Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Image description

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany»  ýylynda ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlary,Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alnyp, gelin gyzlarymyza her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde ýokary derejede baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni däp-dessurlaryň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine goşýan goşantlaryny aýratyn belleýär.

Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda zenan edebiniň, gözelliginiň we gelin-gyzlaryň asylly zähmetiniň waspy ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar zenanlaryň sarpasyny belent tutup, olara okamaga, işlemäge, hünär öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hormatly Prezidentimiziň adyndan …

Täzelikler