Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň agzybir talyplary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýilip atlandyrylan 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada täze ýyl mynasybetli körpeler üçin geçirilen dabarada çykyş etdiler. Bu geçirilen baýramçylyk dabarasyny şatlyk-şowhunly geçirmek we ýatdan çykmajak täsirini galdyrmak maksady bilen, oňa işjeň gatnaşan mekdebiň döredijilik toparynyň talyplary uly taýýarlykly bardylar.
Täze ýyl mynasybetli geçirilen bu dabarada mekdebimiziň talyplary ertekiler dünýäsiniň gahrymanlarynyň keşbinde bolup, olar owadan geýinip gelen çagalar bilen dürli öwüşgünli arçanyň daşynda el tutuşyp aýlandylar. Şeýle hem dabara gatnaşan döredijilik toparymyz aýdym aýdyp, gyzykly oýunlar oýnap çagalarda ýakymly täsir galdyrdylar. Dabaranyň dowamynda mekdebimiziň talyplary çagalar üçin çekeleşikli bäsleşikleri we erteki tomaşalary gurap, körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesil barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Goý, asuda ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!



Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze ýyl baýramynyň …