Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet Söwda senagat edarasynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň agzybir talyplary özleriniň şowhunly çykyşlary bilen gatnaşdylar.
Mekdebimiziň döredijilik toparynyň talyplary erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyryp çagalaryň şatlyk-şowhuny artdyryp meýdançany hut teatr sahnasyna öwürdi. Çäräniň dowamynda çagalar aýdym aýdyp, tans edip gyzykly oýunlary oýnap olarda ýakymly täsir galdyrdy. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabarada ýaňlanan aýdym-sazlar uly-kiçä şatlyk paýlap, ajaýyp bir sazlaşygy döredýär. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabaralar çagalara toý şatlygyny paýlaýar.
Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýän bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze ýylyň ilkinji …