Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzdan gelýän edep-terbiýäni, milli mirasy, däp-dessurlary ýaşlaryň aňyna salmak babatda aýdýan tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda gelin gyzlaryň arasynda «Zenan-zeminiň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärede halypa mugallymlarymyz zenan maşgalanyň gadyr-gymmaty, zenan terbiýesiniň gözelligi hakynda, ýagny merdana halkymyzda «Gyzly öý – gyzylly öý», «Gyzym – gyzylly halkam» ýaly ajaýyp pähimlerine eýerip gelin-gyz talyplarymyzyň terbiýesine bagyşlap ajaýyp çykyşlary etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, terbiýeçilik ähmiýeti, el işleri bilen baglanyşykly däp-dessurlar, keşdeler we olaryň görnüşleri hem-de milli ruhuň beýany, türkmen zenanyň maşgaladaky orny barada giňişleýin durlup geçildi. Bulardan başgada çykyşlarda gelin-gyzlarda millilik, edep-ekramlylyk salyhatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli mirasa sarpany, zähmete söýgini ösdürmek, şeýle-de ene-mamalarymyzyň asylly häsiýetlerini kemala getirmek dogrusynda täsirli gürrüňler ýerine ýetirildi.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäräsiniň dowamynda mähriban enelerimize gülden näzik gelin-gyzlarymyza bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işleri, durmuşa geçirilýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar we hoşallyk sözleri ýaňlandy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Zenan-zeminiň zynaty» atly …