Aktýorlyk sungaty

Image description

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Aktýorlyk sungaty» hünäri hereket edip, bu hünär «Aktýor» kärini almaga niýetlenendir.

Aktýorlyk sungatykeşpleriň üsti bilen sungatyň görnüşleriniň tomaşaça aýtmakçy bolýan pikirini beýan edýän sungatdyr.

Aktýor – teatr we kino sungatyny ösdürmekde, özgertmekde, ýokary derejelere ýetirmekde, adamlaryň medeni dynç alyşlarynda ruhy lezzet paýlamakda we adamlaryň aňyna täsir etmekde öz şahsy goşandyny goşup bilýän hünärmendir.

 Bu hünäri tamamlaýan uçurymlaryň esasy iş obýekti, teatrlar, Kinostudiýalar, telewideniýe, radio, medeni dynç alyş edaralary, Çagalar we ýetginjekler köşgi, nowçalar öýi.