Dalaşgärlere giňden maglumat

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar (hünärler) boýunça talyplyga kabul edýär:

 

I. Býujet esasynda:

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphanaçylyk işi (hünärler: ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak).

2. Taryh we arheologiýa (hünär: iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi).

3. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (hünär: medeniýet öýünde režissýorlyk).

4. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünärler: aktýorlyk sungaty, estrada sungaty).

5. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: dizaýn).

II. Tölegli esasda:

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphanaçylyk işi (hünärler: Kitaphanaçylyk işi, çagalar okaýşyny guramak).

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 13 – 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—  bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

—  bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—  bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

—  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—  soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

—  3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—  işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—  okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  •  pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny;

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri ugrunyň dizaýn hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat ş.) 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 29-y, 31-i we awgust aýynyň 2-si günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary hünärler boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär:

- hünärler: kitaphanaçylyk işi; çagalar okaýşyny guramak; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak; ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;

— hünärler: medeniýet öýlerinde režissýorlyk; aktýorlyk sungaty — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

— hünär: estrada sungaty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

— hünär: dizaýn — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşlerinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy:

Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4,

tel.: 27-20-50, 27-21-22.