Çagalar okaýşyny guramak

Image description

«Çagalar okaýşyny guramak» hünäri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2013-2014-nji okuw ýylynda açylyp, bu hünär «Çagalar okaýşynyň ýolbaşçysy, mekdep kitaphanasynyň kitaphanaçysy» kärini almaga niýetlenendir.  

Çagalar okaýşyny guramak – Çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk etmek,  watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, nazary bilimini, tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmek, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmakdyr.

Mekdep kitaphanasy – mekdebiň düzüminiň aýrylmaz bölegidir. Mekdep kitaphanasy bilim reformasynyň üstünlikli amala aşyrmagy üçin, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ylym-bilim ulgamyna beren mümkinçiliklerinden mynasyp peýdalanyp biljek ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.