Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi

Image description

Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi hünäri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2014-2015-nji okuw ýylynda açylyp, bu hünär «Iş kagyzlaryny dolandyryjy-arhiwçi» kärini almaga niýetlenendir.

Iş  kagyzlaryny dolandyryjy we arhiwçi -  iş dolandyryşda resminamalaryň döredilmegi we arhiw gaznalarynyň ösdürilmegi, resminamalaryň işlenilip taýýarlanmagyny we hemişelik ýa-da wagtlaýyn (10 ýyldan ýokary) resminamalaryň arhiwlerde saklanylmagyny, Iş dolandyryjy hem-de arhiw işgärleriniň hünär taýdan taýýarlanylmagyny, edaralarda guramalarda we kärhanalarda iş dolandyryş we arhiw işini ýerine ýetirmegini öz içine alýan kärdir.         

Iş kagyzlaryň dolanşygyny guramak we arhiw işi hünäri Türkmen döwlet arhiw gullugyny, döwlet dolandyryş edaralaryny, guramalaryň we beýleki pudaklaryň arhiwlerini,  türkmen halkynyň baý taryhyny we medeni ýazuw mirasy bolan resminamalaýyn maglumatlaryny  abat saklamagy, hasabyny ýöretmegi, toplamagy  we peýdalanmagy guramak işlerini alyp barýan ýörite orta bilimli arhiw işgäri, iş kagyzlaryny dolandyryjy hünärmenler bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.